Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Gizlin işleýän' nas bazarynda içerki göreş güýçlenýär - çeşmeler


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Azatlygyň çeşmeleri Türkmenistanda satuwy gadagan edilen nasyň gara bazarlaryndaky hereketleriň täzeden güýçlenýändigini habar berýärler. Kerkiniň “iri nas hojaýynlary” ýurduň beýleki welaýatlarynda peýda bolan öndürijileri we satyjylary bazardan gysyp çykarmak üçin güýç edaralaryndaky tanyşlaryndan peýdalanýarlar diýip, şäher häkimligindäki çeşme bu ýagdaýlaryň daşary ýurt kinofilmlerindäki mafiýa oýunlaryny ýatladýandygyny öňe sürdi.

“Kerki etraby öňler Türkmenistanyň esasy nas üpjünçisi diýlip bilinýärdi. Häzir nas ýurduň beýleki ýerlerinde-de öndürilýär we satylýar. Kerkili toparlar bäşdeşleriniň ýoluny baglamak üçin Içeri işler ministrligindäki, prokuraturadaky tanyşlaryny ulanýarlar” diýip, çeşme nas bazarynda gapdaldan gelip goşulýan kiçi toparlaryň garşysyna geçirilýän reýdleri nas monopoliýasy bilen baglanyşdyrdy.

Türkmenabadyň şäher polisiýasyndaky çeşme hem bu pikir bilen ylalşýar. Onuň sözlerine görä, “Kerki şäheri Nyýazow döwründen bäri nasyň düýp mekany hasaplanýar".

Kerkidäki nas hojaýynlarynyň 'girdejisi azalýar'

“Nas ýurduň beýleki ýerleriniň ählisine Kerkiden ýaýraýardy” diýip, polisiýadaky çeşme aýtdy.


Şäher häkimligindäki çeşme nas önümçiliginiň we söwdasynyň giňemegini ýurtdaky güzeran kynçylyklary bilen düşündirýär.

“Ilat güzeran aýlamak üçin islendik zada baş goşýar. Şu sebäpden nas beýleki welaýatlarda hem öndürilip, kän satylyp başlandy. Resmi taýdan tassyklap bolmaýan hasaplamalara görä, öňler satylýan nasyň takmynan 90%-i Kerkiden ýaýraýardy. Indi olaryň alýan girdejileriniň uly bölegini ýitirýändigini aýdýarlar” diýip, çeşme kerkili nas hojaýynlarynyň bu ýagdaýa garşylyk görkezýändigini öňe sürdi.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe çeşmäniň tassyklamagyna görä, iýul aýyndan bäri polisiýa ýurduň dürli ýerlerinde nas söwdagärlerine garşy giň gerimli reýdleri geçirýär.

Türkmen resmilerinden bu reýdler barada düşündiriş almak mümkinçiligi ýok. Döwlet eýeçiligindäki metbugat hem beýle zatlar barada habar bermeýär. Ýöne nasa garaşly bolan adamlar öz üpjünçileriniň birden ýitirim bolýandygyny aýdýarlar.

“Bizde bir nas satyjysy bardy. Ol pes jaýda ýaşaýardy. Gijelerine penjiresini kakyp, nas alýardyk. Ýöne ýakynda baramyzda, öýünde ýok eken. ‘Bu gezek ony gorajak adam tapylmady, indi basym sud etmekleri mümkin’ diýip, goňşulary onuň ýygnalandygyny aýtdylar” diýip, Mary şäheriniň bir ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Kiçi toparlar iri toparlaryň 'pidasy bolýar'

Lebapdaky çeşmämiziň aýtmagyna görä, nas satýan kiçi söwdagärler iri toparlaryň görkezýän basyşynyň ‘pidasy bolýar’.

“Çärjew etrabynyň Ulywahym obasynda ýaşaýan nas satýan erkek awgust aýynyň 12-nde tussag edildi. Ol “Gök” bazardan 7 manada satyn alan nasyny 10 manatdan satypdyr. Polisiýa ony tussag edip, işini kazyýete geçirdi. Netijede, oňa 7 müň manat jerime salyndy” diýip, şäher polisiýasyndaky çeşme aýtdy.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, beýleki bikanun söwdalarda bolşy ýaly, polisiýa bu söwdagäriň nas satýandygyny öňräkden bäri bilýärdi.

“Aslynda, polisiýa onuň nas satýandygyny öňden, satyp başlanan birinji gününden bäri bilýärdi. Ýöne göz ýumýardy ýa özi bilen ylalaşýardy. Bu gezek, görkezme gelensoň, ýygnamaly boldular” diýip, çeşme aýdýar.


Türkmenistanyň çäginde nas resmi taýdan gadagan edilen önüm bolsa-da, onuň söwdasy dürli görnüşlerde saklanýar we häzir bazardaky nasyň bahasy, agramyna görä, 7, 8 ýa-da 10 manat aralygynda üýtgäp durýar diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýtdy.

Çeşmeleriň maglumatyna görä, iri nas toparlary diňe içerki bazary däl, eýsem daşary ýurtlardaky üpjünçilik kanallaryny hem gözegçilikde saklamaga çalyşýarlar.

“Kerkili toparlar Ymamnazar–Akina serhedinden üstaşyr Owganystanyň hem nas üpjünçiligini ýola goýupdyrlar. Olaryň nasy diňe ýurt içinde däl, daşary ýurtlarda hem satylýar” diýip, Türkmenabadyň şäher polisiýasyndaky çeşme aýtdy.

Owganystana geçirilen türkmen nasy, Azatlygyň çeşmesiniň tassyklamagyna görä, Türkiýäniň üsti bilen ýewropa ýurtlaryna hem getirilýär.

Türkmen nasynyň Kerkiden Warşawa çenli geçen 'üstünlikli ýoly'

Azatlyk bu maglumaty Polşadaky türkmen diasporasynyň üsti bilen barlady we, Warşawada nas satýan türkmeniň aýtmagyna görä, nas olara Owganystandan, Türkiýäniň üsti bilen getirilýär.

“Biziň ýanymyza [nas] Türkiýeden gelýär. 5 paçka nasyň bahasy 40 zlot” diýip, ol aýtdy.

Ýerli synçylar türkmen häkimiýetleriniň nasa garşy alyp barýan göreşlerinde hiç bir aýdyňlygyň ýokdugyny, ýöne olaryň kiçi söwdagärlere ‘gowy zyýan’ ýetirip bilýändigini, her halda, ýurtda resmi taýdan gadagan edilen nas söwdasynyň kän zyýan çekmeýändigini, bu meselede gara bazaryň kanunlarynyň işleýändigini belleýärler.

Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, ýaşlaryň arasynda nas ulanýanlar barha köpelýäne meňzeýär. Çilime we temmäki önümlerine garşy başlanan göreşleriň kän netije bermeýşi ýaly, nasa, spirtli içgileriň söwdasyna girizilen çäklendirmeler ilatyň ýaramaz endikleriniň azalmagyna getirmedi diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Onuň pikiriçe, nas barada aýdylanda, gizlin bazarynyň döredilmegi bilen, bu söwda güýç edaralarynyň gatnaşmagynda ýöredilýän girdejili işe öwrüldi.

Azatlyk ýurtda saklanyp galýan nas söwdasy barada türkmen resmilerinden hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Forum

XS
SM
MD
LG