Paýtagtyň mugallymlary pagta möwsümine niýetläp, pul goşantlaryny goşmaga mejbur edilýärler

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Şu günler Türkmenistanda pagta möwsüminiň irki tapgyry dowam edýär. Soňky ýyllarda däbe öwrülip barýan tejribelere laýyklykda, býujet işgärleri ýygym işlerine maddy gatanç goşmaga mejbur edilýär. Şeýle talaplar häzirki wagtda paýtagt Aşgabatda ýerleşýän bilim-terbiýeçilik edaralarynda hem ýaýbaňlanyp başlady.

“Paýtagt Aşgabatda bilim edaralarynyň ýolbaşçylary pagta möwsümine niýetläp, her bir mugallymdan 20 manat, hojalyk bölüminiň her bir işgärinden 10 manat möçberinde pul serişdeleriniň ýygnalyp alynmagyny dilden görkezme esasynda talap edýärler” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Toplanan pullar, magaryf işgärlerine görä, bilim müdirliginden mekdeplere iberilýän gözegçi inspektorlara tabşyrylýar. Olar hem, öz gezeginde, ýygnalan serişdeleri bilim müdirliklerine eltip berýärler.

“Paýtagtly mugallymlarda pagta ýygmak tejribesi bolmansoň, häzirki wagtda olardan diňe pul ýygnalyp alynýar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen aýrybaşga söhbetdeşlikde aýtdy.

Degişli maglumat Pagta möwsümine niýetlenip, pul ýygnalmagyna garşy çykan işgärler gaýtadan ýygyma çekildi

Käbir mugallymlar bu pullaryň barlagçylar tarapyndan Bilim ministrligine eltilip berilýändigini ileri sürýärler.

Aşgabat şäher häkimligi döwlet pagta plan borçnamasyna degişli edilmeýär. Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň üstüne pagta borçnamasy ýüklenmeýär. Ýöne, muňa garamazdan, bilim pudagynyň işgärleri özlerinden ýygnalyp alynýan pullaryň öwezine pagta hasylynyň satyn alnyp döwlet harmanyna goşant goşulýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlary Aşgabat şäher häkimligine, ýa-da Türkmenistanyň Bilim ministrligine tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bilmeýär. Bu ugurda degişli edaralardan 21-nji awgustda günüň ikinji ýarymynda telefon arkaly resmi teswir almak synanyşygymyz netije bermedi.

Beýleki sebitlerdäki tejribeler

Magaryf pudagyndaky çeşmeler paýtagtyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde, orta hünär okuw mekdeplerinde, şeýle-de ýokary okuw jaýlarynda ýygym möwsümine niýetlenip, pul serişdeleriniň ýygnalyp alynýandygyna aýdýarlar.

Ýöne paýtagtyň bilim işgärlerinden ýygnalýan pullaryň möçberleri sebitlerde býujet işgärlerinden ýygnalýan pullar bilen deňeşdirilende mukdar taýdan tapawutlanýar.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu hepdäniň başlarynda Mary welaýatynyň býujet edaralarynda her bir işgärden 50 manat möçberinde pul serişdeleriniň ýygnalyp alynýandygyny habar berdiler. Ýöne Aşgabatda mugallymlardan we bilim-terbiýeçilik edaralarynyň bölüm müdirlerinden 20 manat, hojalyk bölüminiň işgärlerinden 10 manat möçberinde pul ýygnalýar.

Habarçylarymyzyň öwrenen maglumatlaryna görä, bu iki sebitde ýygnalýan pullaryň maksady hem belli bir derejede bir-birekden tapawutlanýar.

Mary welaýatynda býujet işgärlerinden ýygnalýan pullar hakyna tutma işçilere niýetlenýär, ýöne paýtagt Aşgabatda, çeşmelere görä, ýygnalan pullar pagta hasylynyň satyn alnyp, döwlet harmanyna goşant goşulmagyna gönükdirilýär.

Belleýşimiz ýaly, Aşgabat pagta plan borçnamasy bilen borçlandyrylmaýar.

Degişli maglumat Býujet işgärleri gowaçanyň çürtüm işlerine çekilýär

Mary welaýatyndaky habarçymyz geçen hepdäniň dowamynda bu sebitde býujet işgärleriniň ýygym işlerine hut özleriniň çekilendiklerini habar berdi. Munuň sebäbi bolsa, işgärleriň ýygnalýan pullara garşylyk bildirmegi bilen düşündirilipdir.

Bir hepdäniň dowamynda gowaça meýdanlaryna çekilmekden ýadan býujet işgärleri, gaýtadan, ýolbaşçylara haýyş bilen ýüzlenip, özlerinden mejbury zähmete derek pul serişdeleriniň ýygnalyp alynmagyny haýyş edipdirler. Munuň yz ýany, maryly häkimiýetler olardan pul ýygnalmagyna razy bolupdyr.

“Adamlary pul bermäge razy etmek üçin şeýle sütem görkezildi” diýip, maryly býujet işgärleri hepdäniň başlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň hökümeti pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär. Munuň bilen baglylykda, Birleşen Ştatlary 2018-nji ýylyň maý aýynda türkmen pagtasynyň öz çägine import edilmegine gadaganlyk girizdi.

Ýöne soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleriniň bu ugurda Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürýändigi aýdylýar.

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň 20-nji awgustda Birleşen Ştatlara amala aşyran saparynyň dowamynda amerikan häkimiýetleri Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy bilen eden ilerlemesini ykar edip, hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çagyrypdyrlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.