Duşenbäniň häkimi: Bikanun dini bilim alanlaryň 80% -i 30 ýaşamadyk ýaşlar

Bezeg suraty

Duşenbe şäheriniň häkimi we Milli mejlisiň (Täjigistan mejlisiniň ýokarky palatasy) başlygy Rustam Emomali bikanun ýagdaýda dini bilim alynmagyndan alada bildirdi. Resmi metbugatyň habaryna görä, ol bu sözleri 19-njy awgustda hukuk goraýjy edaralaryň we paýtagtyň kazyýet ulgamynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

Emomaliniň sözlerine görä, bikanun dini tälim alanlaryň 80% -i 30 ýaşyna ýetmedik erkekler bolup durýar. Ýöne bikanun dini bilim alan adamlaryň takyk sany we olar babatynda açylan kazyýet işleri barada maglumat berilmeýär.

Täjigistanda ýaşlaryň dini bilim almagyna, diňe resmi bilim edaralarynda alnan ýagdaýynda we ene-atanyň razylygy bilen rugsat berilýär.

Ýurduň dini bilim berýän esasy okuw jaýy Duşenbe şäherindäki Yslam instituty bolup, onda çäkli mukdarda talyp okadylýar, paýtagtdaky we sebitlerdäki medreseleriň köpüsi, Bilim ministrliginden ygtyýarnama almandyklary sebäpli, birnäçe ýyl öň ýapyldy.

Halkara adam hukuklary guramalary täjik häkimiýetlerini dini azatlyklary çäklendirmekde yzygiderli tankyt edýärler.

Ýurduň häkimiýetleri bu aýyplamalary ret edip, respublikada din azatlygynyň üpjün edilýändigini tekrarlaýarlar.