Palestina Türkmenistana ynsanperwer kömek üçin minnetdarlyk bildirdi

Palestinalylar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Palestina adminstrasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijlehiň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmen DIM-niň web sahypasy 19-njy awgustda habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.

Şeýle-de, Rana Abu Hijleh öz adyndan we Palestina adminstrasiýasynyň ýolbaşçylygynyň adyndan palestin halkyna berilýän ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.