Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukraina 614 raketa we pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi, 15 adam ýaralandy


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Russiýa 21-nji awgusta geçilýän gije Ukraina 614 pilotsyz uçar we raketa, şol sanda dört sany Kinžal aeroballistik raketasy, iki sany Iskander-M ballistik raketasy bilen hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Howa güýçleri serkerdeligi habar berdi.

Zakarpatiýa sebitiniň Mukaçewo şäherinde bir kärhana urlan zarba netijesinde 15 adam ýaralandy. Häkimiýetleriň maglumatyna görä, 10 adam keselhana äkidildi, iki adamyň özi ýüz tutdy.

Bäş näsag stasionar bejergisini alýar, olaryň biri sebit keselhanasyna geçirildi.

Zakarpatiýa sebit administrasiýasynyň başlygy Miroslaw Biletskiý kärhanadaky ammar binasynyň ýykylandygyny we ýangyn turandygyny habar berdi.

BBC-iň ukrain gullugynyň habarçysy bu zarbanyň halkara amerikan kompaniýasynyň zawodyny ýumrandygyny habar berdi. Haýsy zawodyň ýumrulandygy entek belli däl.

XS
SM
MD
LG