Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek blogçysyna prezidenti masgaralany, duşmançylygy öjükdireni üçin ýyl kesildi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Nurafşan şäher kazyýeti 26 ýaşly erkegi, Özbegistanyň prezidentini masgaralamakda (Jenaýat kodeksiniň 156-njy maddasynyň 2-nji bölümi) we milletara duşmançylygyny öjükdirmekde günäli tapyp, üç ýyl bir aý azatlykdan mahrum etdi.

Bu höküm barada Ýokary kazyýetiň metbugat sekretary Aziz Abidow habar berdi.

Kazyýetiň metbugat beýanatynda iş kesilen erkegiň ady aýdylman, diňe adynyň we atasynyň adynyň baş harplary - W.D. görkezilýär.

Habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, onuň Daşkent sebitiniň ýaşaýjysy, blogçy Waleriý Dýugaý ("Abdulloh") bolmagy mümkin. Ol 2025-nji ýylyň 25-nji martynda Abu Dabiden Samarkanda gaýdyp geleninde tussag edildi.

Derňew netijesine görä, Dýugaý 2024-nji ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda Günorta Koreýada bolup, Özbegistanyň raýatlaryny masgaralaýan birnäçe wideo çap etdi.

Howpsuzlyk güýçleri Waleriý Dýugaýyň öz aýdan sözleri üçin ötünç soraýan we aglaýan wideosyny çap etdi. Ol bu işi sosial ulgamlarda özüne ünsi çekmek we meşhurlyk gazanmak üçin edendigini gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG