Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 22-nji awgustda, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy bilen, “Azerbaýjan-Türkmenistan-Özbegistan” görnüşinde geçiriljek üç taraplaýyn sammite gatnaşmak üçin, Türkmenistana iş saparyny eder diýip, özbek metbugaty habar berýär.
Türkmen metbugaty özbek lideriniň Türkmenistana gelendigini habar berdi.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, metbugat habaryna görä, Türkmenistana sapara geldi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek sammitiň öňysyrasynda, özüni sapara çagyran Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi.
Ikitaraplaýyn we iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda, giňişleýin düzümde geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn we yzygider häsiýete eýe bolýandygy, durnukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykýandygy bellenildi diýip, TDH ýazýar.
Özbek metbugatynyň ýazmagyna görä, sammitiň gün tertibi söwda we ykdysady gatnaşyklara, ulag we aragatnaşyk, energiýa we gumanitar ugurlara aýratyn üns bermek bilen, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy öz içine alýar.
Gepleşiklerden soň bilelikdäki resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegine garaşylýar.
Mundan başga, Özbegistanyň prezidenti sammitiň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirer.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum